GLOBALLAŞMA,
DINI FUNDAMENTALIZM WE TÜRKMENLER |
Pars
dilinde çykyp ugraly aradan bir ýyl geçensoň "Türkemensähra" indi
"türkmenleşýär". Hiçden giç ýagşi.
Bu-da guwanara bir delil!
Ýurt içindäki türkmenleriň daşardaky ildeşlerini gyzyklandyrýan
temalary täsin ýa ters görmegi mümkin.
Göz öňünde tutulýan döwür bilen dikleşmek däl-de, deňleşmek.
2001-nji ýylyň 11-nji sentýabyry tutuş 20-nji asyryň soňky çärýeginde
dünýäniň köp ýerlerinde özüni
duýduran siýasy fundamentalizmiň täze dini görnüşiniň gelip dünýä
siýasatyna girenligini görkezdi. Şu çaka
çenli milli döwletlilik serhetlerini söküp taşlamak bilen çäklenen
oňaýsyz globallaşyga görkezilýän
garşylyk-da, öz gezeginde, globallaşma bilen baglanyşyp, serhetleriň
gelejekde sandan galjakdygyny
görkezýär.
Fundamenalistik ideologiýalar hem hereketler, aslynda, deň güýçde, deň
täsirde bolmasa-da, 1970-nji
ýyllardan bäri dünýä medeniýetleriniň barynda göze ilip gelen zat. Her
niçik-de bolsa, siýasy
fundamentalizm ýeke-täk oňaýsyz globallaşygyň önümi däl. Ýöne ol işjeň
faktor hökmünde global sahna
aralaşyp bilýär.
Globallaşyk dünýäsinde "medeni faktor" köp babatda möhüm rol öýanaýar.
Ol siýasi, yktysady faktorlar ýaly
hadysalaryň gidişine täsir edip, olaryň netijelerini şertlendirip
bilýär. Medeni motiw, getirilýän delilleriň hem
her babatda köp-gatlak hem çylşyrymly sebäpleri bolýar. Onuň täsiriniň
haýsy ugra gönükdirilendigi hem
aýyl-saýyl bolanok.
Medeni ara tapawutlar bir tarapdan adamlary aýak üstüne galdyrara
serişde bolup, dini we siýasy aktorlaryň
sosiýal, siýasy häkimiýet bähbitleriniň legitimatsiýasyna hyzmat etse,
bir tarapdan-da häzirki globallaşan
dünýäde adamlaryň siwil jemgiýet initsiatiwalarynda medeniýet-aşa
hyzmatdaşlyklaryna ýol açýar. Bu hem
ortak sosio-siýasy düýp ynançlara daýanýar. Tejribäniň görkezişi kimin
bular ýaly medeni ýaranlyklar üçin
öz medeni däbiňden ýüz öwürmegiň geregi ýok. Oňa orun medeniýetleriň
hemmesinde bar.
Medeni faktoryň şu maksatlaryň haýsysy üçin ulanylýanlygy, onuň näme
rol oýnaýanlygy ýeke medeni
potensiýala däl, eýsem sosiýal, yktysady, siýasy tejribelere,
bähbitlere-de bagly. Onuň özboluşly güýji hem
häzirki döwürde gapma-garşylykly maksatlar üçin ulanylmaga bolan
ukybindan gelip çykýar.
Ideologik taýdan kesgitlenen çaknyşyklardan doly döwrüň soňunda
gazanylan täze tejribe dünýä
sahnasynda, şeýle hem häzirki köp-medeniýetli jemgiýetlerde
bolup-geçýän hadysalaryň ugruny iň bärisinde
bölekleýin kesgitleýäni bäri dürli ýorgutlara sebäp bolýar.
Käbir alymlaryň garaýşyça fundamentalizmi güýçlendirýän gönüden-göni
globallaşma prosesiniň özi.
Sebäbi 3-nji dünýäniň ähli regionlarynda ýerli ilat yktysady
globallaşygyň netijelerine öz medeni kimliklerine
edilýän hüjüm, ondan goranmagyň täsirli ýoly hem gadymdan gelýän
kimligiň aggressiw fundamentalistik
wariantyna ýapyşmak diýip düşünýär.
Çärýek asyrdan bäri döwrümiziň esasy belgisi medeni tapawutlardan
gözbaş alýän çaknyşyklar bolsa gerek.
Bu döwletara gatnayşyklarynda bolşy ýaly, bir döwletiň içindäki dürli
milletler arasynda-da şeýle. Sebäbi
hem uzak wagtdan bäri bar serhetleriň globallaşyk döwründe öz güýjüniň
uly bölegini ýitirýänligi.
Türkmenleriň arasynda dini fundamentalizme orun ýok. Galýär
globallaşma. Ol hem halkara derejesinde
dörän häzirki ýagdaýda türkmeniň bähbidine. Biziň halkymyz ondan şu
ugurda peýdalanyp bilermi? Bu onuň
zamananyň talabyna doly düşünip, oňa paýhasly baha bermegine bagly.
Bähbitleri definirlemeli-de, ilkinji
nobatda, türkmen intelligensiýasy.
Üstünlikler arzuwy bilen
Araz Parwiş
|
|