„Arzaneşi goldaıan daşary ıurt komiteti“
Bildiriş
 
Türkmenistan döwleti öñ ıyl bu ıurtda öñden ıaşap gelıän Eıranly syıasy imigrantlaryñ durumyny üıtgetdi. Olaryñ Türkmenistanda syıasy gaçak hökmünde ıaşamak hukuklary, sovet döwründe berilen dokumentleri( pasportlary) ellerinden alnyp, deregine wagtlaıyn ıaşamaga we işlemäge, özüni eklemäge ygtyıar berıän dokumentler berildi.
 
Netijede Türkmenistandaky Eıranly türkmenler normal ıaşaıyş üçin zerur bolan hukuklardan mahrum bolup, UN-niñ Aşgabatdaky burosyna ıüz tutmaga mejbur boldular. Olar özleriniñ immigrant kabul edyän üçünji bir döwlete iberilmeklerini soradylar.  
 
Türkmenistandaky syıasy durumy ellerinden alnan Eıran türkmenleriniñ bu haışyna Kanada pozitiv jogab berdi. Kanadanyñ Ankaradaky ilçihanasy bu işe garap, ıüz tutanlaryñ köpüsiniñ isleglerini kanagatlandyrdy. Emma 1979, 1980-nji ıyllarda türkmen halkynyñ milli hukuklary ugrundaky göreşe ıolbaşçylyk edenlerden Welimuhammed Arzaneşiñ we onuñ maşgalasynyñ haıyşy Kanadanyñ ilçihanasy tarapyndan ret edildi. Kanadanyñ ilçihanasyndan berlen ıazmaça jogapda Arzaneşiñ gojalygy, pensiıa ıaşyna ıetenligi we şunuñ bilen baglanyşykly beıleki meseleler sebäp edilip görkezilipdir.
                       
Arzaneşiñ Kanadanyñ Ankaradaky ilçihanasyna 2005 ıylyñ 4-nji fevralynda gaıtadan ıüz tutandygy, öz ıagdaıyny düşündirendigi we işine gaytadan garalmagyny talap edendigi bize belli. Emma ol bu kanuny talabyna häzire bu güne çenli-de aıdyñ jogap alyp bilmän gelıär. Şol sebäpdenem Arzaneşiñ we onuñ maşgalasynyñ Türkmenistandaky durumy, geljegi näbelli bolmagynda galıar.
 
Biz, Europadaky türkmen toplumlarynyñ agzalary, “Arzaneşi goldaıan daşary ıurt komitetini” döretdik. Bu komitet ähli watandaşlarymyzy Welimummed Arzaneşe kömek etmäge çagyrıar. Bu işde bize ähli türkmenleriñ tejribesi we kömegi gerek. Biz siziñ teklipleriñize we goldawyñyza garaşıarys!
 
Arzaneşiñ ykbaly bilen gyzyklanyp, onuñ özüne we maşgalasyna ıardam etmäge isleg bildirenler biz bilen ıakyn aragatnaşyk açyp we dürli dokumentler bilen tanşyp bilerler.
 
„Arzaneşi goldaıan daşary ıurt komiteti“
Adresimiz : tms_da@yahoo.com
 
2005-06-12
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org