شنبه ۱ دی ۱۴۰۳ → امروز ← Saturday, 21 December , 2024 | ساعت ۱۷:۲۰

GLOBALLAŞMA, DINI FUNDAMENTALIZM WE TÜRKMENLER – turkmensahra
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe

GLOBALLAŞMA, DINI FUNDAMENTALIZM WE TÜRKMENLER

Ýurt içindäki türkmenleriň daşardaky ildeşlerini gyzyklandyrýan temalary täsin ýa ters görmegi mümkin.
Göz öňünde tutulýan döwür bilen dikleşmek däl-de, deňleşmek.
2001-nji ýylyň 11-nji sentýabyry tutuş 20-nji asyryň soňky çärýeginde dünýäniň köp ýerlerinde özüni
duýduran siýasy fundamentalizmiň täze dini görnüşiniň gelip dünýä siýasatyna girenligini görkezdi. Şu çaka
çenli milli döwletlilik serhetlerini söküp taşlamak bilen çäklenen oňaýsyz globallaşyga görkezilýän
garşylyk-da, öz gezeginde, globallaşma bilen baglanyşyp, serhetleriň gelejekde sandan galjakdygyny
görkezýär.
Fundamenalistik ideologiýalar hem hereketler, aslynda, deň güýçde, deň täsirde bolmasa-da, 1970-nji
ýyllardan bäri dünýä medeniýetleriniň barynda göze ilip gelen zat. Her niçik-de bolsa, siýasy
fundamentalizm ýeke-täk oňaýsyz globallaşygyň önümi däl. Ýöne ol işjeň faktor hökmünde global sahna
aralaşyp bilýär.
Globallaşyk dünýäsinde “medeni faktor” köp babatda möhüm rol öýanaýar. Ol siýasi, yktysady faktorlar ýaly
hadysalaryň gidişine täsir edip, olaryň netijelerini şertlendirip bilýär. Medeni motiw, getirilýän delilleriň hem
her babatda köp-gatlak hem çylşyrymly sebäpleri bolýar. Onuň täsiriniň haýsy ugra gönükdirilendigi hem
aýyl-saýyl bolanok.
Medeni ara tapawutlar bir tarapdan adamlary aýak üstüne galdyrara serişde bolup, dini we siýasy aktorlaryň
sosiýal, siýasy häkimiýet bähbitleriniň legitimatsiýasyna hyzmat etse, bir tarapdan-da häzirki globallaşan
dünýäde adamlaryň siwil jemgiýet initsiatiwalarynda medeniýet-aşa hyzmatdaşlyklaryna ýol açýar. Bu hem
ortak sosio-siýasy düýp ynançlara daýanýar. Tejribäniň görkezişi kimin bular ýaly medeni ýaranlyklar üçin
öz medeni däbiňden ýüz öwürmegiň geregi ýok. Oňa orun medeniýetleriň hemmesinde bar.
Medeni faktoryň şu maksatlaryň haýsysy üçin ulanylýanlygy, onuň näme rol oýnaýanlygy ýeke medeni
potensiýala däl, eýsem sosiýal, yktysady, siýasy tejribelere, bähbitlere-de bagly. Onuň özboluşly güýji hem
häzirki döwürde gapma-garşylykly maksatlar üçin ulanylmaga bolan ukybindan gelip çykýar.
Ideologik taýdan kesgitlenen çaknyşyklardan doly döwrüň soňunda gazanylan täze tejribe dünýä
sahnasynda, şeýle hem häzirki köp-medeniýetli jemgiýetlerde bolup-geçýän hadysalaryň ugruny iň bärisinde
bölekleýin kesgitleýäni bäri dürli ýorgutlara sebäp bolýar.
Käbir alymlaryň garaýşyça fundamentalizmi güýçlendirýän gönüden-göni globallaşma prosesiniň özi.
Sebäbi 3-nji dünýäniň ähli regionlarynda ýerli ilat yktysady globallaşygyň netijelerine öz medeni kimliklerine
edilýän hüjüm, ondan goranmagyň täsirli ýoly hem gadymdan gelýän kimligiň aggressiw fundamentalistik
wariantyna ýapyşmak diýip düşünýär.
Çärýek asyrdan bäri döwrümiziň esasy belgisi medeni tapawutlardan gözbaş alýän çaknyşyklar bolsa gerek.
Bu döwletara gatnayşyklarynda bolşy ýaly, bir döwletiň içindäki dürli milletler arasynda-da şeýle. Sebäbi
hem uzak wagtdan bäri bar serhetleriň globallaşyk döwründe öz güýjüniň uly bölegini ýitirýänligi.
Türkmenleriň arasynda dini fundamentalizme orun ýok. Galýär globallaşma. Ol hem halkara derejesinde
dörän häzirki ýagdaýda türkmeniň bähbidine. Biziň halkymyz ondan şu ugurda peýdalanyp bilermi? Bu onuň
zamananyň talabyna doly düşünip, oňa paýhasly baha bermegine bagly. Bähbitleri definirlemeli-de, ilkinji
nobatda, türkmen intelligensiýasy.

TS
TS
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe