شنبه ۴ اسفند ۱۳۹۷ | Saturday 23 February 2019
“Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden, Peder bize miras goýmuş bu derdi.” (Pyragy) – turkmensahra
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe

“Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden, Peder bize miras goýmuş bu derdi.” (Pyragy)

Türkmensahraň uly medeniýet işgäri we türkmen edebiýatynyň tanymal neşirýatçysy Hajy Myratdurdy Gazy aradan çykdy.

Türkmensahraň üstüne abanan gurşun ýaly agyr günlerde-de Myratdurdy hajy öz işini durnukly we tutanýerli dowam etdirip, medeni bir ojak hökmünde türkmen inteligentlerine yssy we nur saçyp, umyt çyrasy bolup hyzmat etmegi başardy.

Hajy Myratdurdy öz milli we medeni borçlaryny doly ýerine ýetiren ynsanlaryň biridir.

Biz bu agyr ýitginiň agyr agysyny türkmen medeni jemgiýetleri we merhumyň bütin maşgalasy bilen paýlaşyp, ähli galanlaryna sabyr, kuwwat we uzak ömür dileýäris.

Ýatan ýeri ýagty we ýoly ýörgünli bolsun!

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 09.12.2017

TS
TS
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe