پنج شنبه ۱۹ مهر ۱۴۰۳ → امروز ← Thursday, 10 October , 2024 | ساعت ۰۴:۴۰

Pyragynyň ýalkymynda – turkmensahra
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe

Pyragynyň ýalkymynda

Türkmen Kultur Ojagy, 20.Mai.2017-Şenbe güni, Köln şäherinde Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragyň doglan gününi uly baýramçylyk bilen belledi.

Bu baýram Türkmenistanyň Frankfurt şäherindäki konsullygynyň medeni goldawy bilen geçirildi.

Türkmen Kultur Ojagynyň müdiri hormatly Suwhanberdi Gylyçtagany “Hoş geldiňiz” aýdansoň, toýuň gadyrly myhmanlary Europa türkmenleriniň ýaşulusy we kultur ojagyň agzasy hormatly Dr. Nasyr Seýdiň gutlag sözlerini diňlediler.

Europa türkmenleriniň ýaşulusy we kultur ojagyň agzasy hormatly Dr. Nasyr Seýdi

Onsoň Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň uly mugallymy, ýazyjy we dramaturg hormatly Kömek Kulyýew çykyş etdi. Ussadyň çykyşynyň soň ýarym sagady gyzykly soraglara jogap bermek bilen dowam etdi.

Bir sagat ara kesmeden soň, sagat 19 da baýramçylygyň ikinji bölümi klassik aýdymlarymyzyň dutar-gyjakda şowhunly we janly ýaňlanmagy bilen başlandy. Ussat bagşy Parahat Şyhymow, halypa sazanda Baýrammyrat Söýünowyň gyjagynyň ýaranlygynda, “Bu gün” we “Gözel sen” ýaly Magtymguly atamyzyň sözlerine düzülen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Soň bolsa ýaş we başarjaň bir ýigit sahna geldi. Teater artisti we aýdymçy Moşiýew Begenç birinji aýdan aýdymynda oturan myhmanlaryň göwnüni göterip, olary hyýal dünýäsinde uly bir älemgoşara mündürmegi başardy.

Agşamlyk iýer wagty saçakda ýerleşdirilen milli iýmitlerimiziň koky bütin toý ýeri gurşap alypdy.

Biz bu toýuň sözüne, sazyna we duzuna ýardam eden egindeşlerimize tüýs ýürekden bolan minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Hormat bilen, Türkmen Kultur Ojagy-Köln, 22.05.2017

TS
TS
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe