چهارشنبه ۱۳ مهر ۱۴۰۱ → امروز ← Wednesday, 5 October , 2022 | ساعت ۱۲:۳۴

GYNANÇ BILDIRÝÄRISDüýn – turkmensahra
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe

GYNANÇ BILDIRÝÄRISDüýn

Maşat Gylyçtagany

Ikinji güni (Sişenbe – 23.08.2022) güler ýüzli we hünärmen agamyz Maşat Gylyçtagany (مشهد قلیچ تقانی ) bütin dogan-garyndaşlaryny we dost-ýarlaryny matamda goýup, örän biwagt Almanyň Köln şäherinde aradan çykdy.

Maşat aga türkmen dil we medeniýetini jany bilen söýerdi. Ol Türkmensahrada we Almanda ýüzlerçe toý-baýramy öz çalan owadan gyjak sazlary bilen bezedi.

Biz bu agyr ýitginiň agysyny hemme dostlar bilen paýlaşyp, merhumiň maşgalasyna we galanlaryna sabyr, kuwwat we uzak ömür dileýäris!Merhum Maşat Gylyçtagany geljek Anna güni (26.08.2022)- sagat 11: 30 – Hürth gonamçylygynda jaýlanjakdyr. Üýşüljek ýeri : Hürth metjidi , sagat : 11:00

Adressi: Hürth Moschee, Alstädter Str. 41, 50354 Hürth

Yzy ýarasyn! Ýatan ýeri ýagty bolsun!

Türkmen Kultur OjagyKöln, 24.08.2022

TS
TS
فارسی | تؤرکمنچه | English | Deutsch | Türkmençe